Hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşar

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow habar berdi.

DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara düzümler, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny belledi.

Wise-premýeriň sözlerine görä, Türkmenistan öňde boljak maslahatyň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň goralmagyny ileri tutar, terrorçylyga garşy göreşmekde, kiber-howpsuzlygy üpjün etmekde, öňüni alyş diplomatiýasynda, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürer, ykdysadyýet, energetika, ulag, sport, ekologiýa we beýlekiler babatda gatnaşyklary giňelder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň strategiki häsiýetini nygtap, Aşgabatda hereket edýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigini belledi.

“Açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan ýurdumyz ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkarar etmek maksady bilen,halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini tassyklady.

Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň öňde boljak forumyna Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we berkitmek işinde BMG-niň öňdäki ornuny ykrar etmek, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibinde kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek işinde ähmiýetli tapgyr hökmünde garaýandygy bellenildi.