TÜRKMENISTANDA KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILÝÄR

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda şeýle-de ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy boýunça strategiýanyň işlenilip düzülmeginiň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokanç keseller, şol sanda adatdan daşary ýagdaýy döredip biljek täze wiruslar boýunça dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy nazarlap, Türkmenistanda daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak üçin toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Halkara gatnaşyklaryň ösüşini, ýurdumyzyň geografik ýerleşişini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak üçin, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başda durmagynda, degişli çäreler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «Ýiti adaty bolmadyk, etiologiýasy anyklanmadyk öýken sowuklama keseli boýunça geçirilmeli çäreler hakynda» buýruk çykaryldy.

Şeýle hem 20-nji ýanwarda Ýokanç keselleriň öňüni almak, ýurdumyzyň çäklerini olaryň ýaýramagyndan goramak we kesellere garşy göreşmek çärelerini güýçlendirmek barada Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi geçirildi. Bu toparyň çözgüdine laýyklykda, keseli öz wagtynda anyklamak we bejermek üçin hünärmenleriň usulyýet işlerini kämilleşdirmek üçin işler geçirilmeli, sanitar-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça çäreler güýçlendirilmeli we degişli gulluklaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilmeli.

Ýurdumyzyň çäklerine şol keseliň getirilmeginden we ýaramagyndan gorap saklamak maksady bilen, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary tarapyndan gözegçilik işleri geçirilýär. Mundan başga-da, şol keselleriň bar ýurtlaryna dürli maksatlar bilen gidip-gelýänler berk gözegçilige alynýar. Döwletimiziň dermanhanalary degişli dermanlar we saglyk maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi.