TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI

2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary hem-de gaz ölçeýji bekediň toplumyny satyn almak barada Malaýziýanyň “Serba Dinamik Sdn. Bhd” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşar.

Beýleki resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen “Ahal–Balkan” we “Balkan–Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada şertnamany baglaşar. Resminama laýyklykda “Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy elektrik geçirijisiniň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we maksatnama üpjünçiligi ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak hem-de ulanyşa girizmek işlerini durmuşa geçirer.

Bu resminamalar Türkmenistanyň energetika mümkinçiliginiň has hem artdyrylmagyna, şeýle hem tebigy serişdeleriň halkara bazarlaryna sazlaşykly çykarylmagyna mümkinçilik berer.