KABULDA TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy.
1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunlukda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky däp bolan dostlugyň hem-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlaryň derwaýyslygy we ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
Taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli we uzakmöhletleýin taslamalaryň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berdiler. Olaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasyny geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy ýaly taslamalar ähmiýetli orun alýandyrlar.
Mundan başga-da Türkmenistanyň wekiliýeti owgan tarapyna mundan beýläk hem ulgamlaýyn esasda goňşy ýurda ynsanperwer kömegini bermäge Türkmenistanyň taýýarlygyny beýan etdi.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimýetiniň ýolbaşçysy doktor Abdulla Abdulla, Prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi, Daşary işler ministri we Owganystanyň beýleki döwlet edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.
Saparyň çäklerinde Owganystana ýardam bermek boýunça Missiýasynyň Kabuldaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýetiniň UNAMA-nyň ýolbaşçysy Tadamiço Ýamamoto bilen gepleşikleri geçirildi.
2-nji fewralda Nýu-Deli şäherine gysga saparynyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Hindistanyň Daşary işler ministri Subramaniam Jaýşankar bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar, özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.