Bosgunlaryň ýygyndy toparyna dünýä rekordsmeni ýolbaşçylyk eder

Bosgunlaryň ýygyndy toparynyň “Aşgabat 2017” oýunlaryň ýeňil atletika ýapyk sport meýdançasynda çykyş etjek düzümi kesgitlenildi. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetde habar bermeklerine görä bu toparyň ýolbaşçysy marafon aralyga ylgamak boýunça Keniýadan meşhur türgen Tegla Lorupedir. 

Toparyň düzümi Tegla Lorupe tarapyndan Naýrobide esaslandyrylan “Parahatçylyk gaznasynyň” howandarlygynda guralan saýlama ýaşlaryň jemleri boýunça “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmak üçin kesgitlenildi. 

Toparyň ähli agzalary Merkezi Aziýanyň taryhynda örän iri halkara ýaryşlaryna gatnaşýan 65 wekiliýetiň biri bolmaga bagtlydyklaryny nygtaýarlar. Toparyň iki türgeni — Lokoro we Biel Rio-de-Žaneýro şäherinde 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiada gatnaşyjylardyr, beýleki üç türgen üçin bolsa öňdäki Oýunlar ilkinji halkara synagydyr. 

Lorupe BMG-niň “Sport we parahatçylyk” taslamasynyň ilçisi bolmak bilen, bosgunlaryň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine uly goşant goşýar. Adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli öz watanyny taşlamaga mejbur bolan bosgunlaryň topary Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Rio-2016-da geçirilen bäsleşiklere gatnaşdy we şondan bäri Keniýanyň bosgunlar topary Kiprde, Bagam adalarynda, Ugandada we Ruandede öz güýçlerini synap gördüler. Geçen aýda bu ýygyndy topar Londonda geçirilen ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşdy. 

1998-2001-nji ýyllarda marafon boýunça dünýä rekordsmenkasy Lorupe “Aşgabat 2017” Oýunlarynda öz watanyndan mahrum bolan türgenleriň ýygyndy toparyna baştutanlyk edýändigine buýsanýar we bu barada örän tolgundyryjy sözleri aýtdy: “Biziň käbir türgenlerimiziň şunuň ýaly derejedäki ýaryşlara gatnaşmakda tejribesi ýeterlik däldir, häzirki wagtda olara tejribe toplamak üçin olaryň bütin ömründe arzuw edişi ýaly mümkinçilik döredildi. Bu türgenler dünýä derejesinde öz ukyplaryny görkezmek isleýärler. Bosgunlaryň topary bütin adamzadyň toparydyr, dünýäniň ýygyndy toparydyr, oňa bütin dünýä janköýerlik edip biler” diýip belledi. 

Keniýanyň paýtagtyndan uzak bolmadyk ýerde birnäçe aý türgenleşikden soňra häzirki wagtda bosgunlaryň toparynyň ähli türgenleri ýokary beden taýýarlyk derejesindedir we bäsleşiklere taýýardyrlar. 

Öz ýurdunda ady rowaýata öwrülen Lorupe uzak aralyklara ylgamak boýunça örän ýokary gazananlary bilen dünýä sport jemgyýetçiliginiň arasynda meşhurdyr. Ol ýarym marafonda dünýäniň üç gezek çempiony hem-de Olimpiýa oýunlarynda üç gezek Keniýa wekilçilik etdi. 

20, 25 we 30 kilometr aralyklara ylgamak boýunça dünýä rekordy häzir hem bu türgen zenana degişlidir. Şeýle hem ol Nýu-Ýorkda geçirilýän marafonda ýeňiji bolan ilkinji afrikaly zenan türgendir, ol iki gezek şol marafonlaryň ýeňijisi boldy. Häzirki wagtda Lorupe parahatçylygy saklamak, zenanlaryň hukuklaryny goramak we bilim boýunça bütindünýä wekil bolup durýar.

“Aşgabatda ýaş türgenler bilen tanyşjakdygyma hem-de ýerli zenanlar bilen sport bilen meşgullanmagyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary barada gürrüňdeş bolmagy umyt edýärin. Munuň özi meniň üçin örän möhümdir. Bosgunlaryň topary Türkmenistanyň hormatly Prezidentine aýratyn çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär” diýip, Tegla Lorupe gürrüň berýär. 

17-nji sentýabrda bu toparyň agzalary Aşgabadyň Olimpiýa stadionyna çykan mahaly Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Senasy bosgunlar toparynyň senasy hökmünde ýaňlanar, olar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy astynda bäsleşerler.