DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY

2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýurtlaryndan 200-den gowrak wekiller, 100-den gowrak kompaniýalar özleriniň maslahata gatnaşyklaryny tassykladylar. Maslahatyň işiniň iki gününiň dowamynda plenar mejlislerden başga-da ýene-de dört sany sessiýalaryň, ikitaraplaýyn formatdaky deslapky ýagdaýda ylalaşylan duşuşyklaryň, şeýle-de tegelek stolunyň we seminaryň geçirilmegi meýilleşdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew wekillere gutlag sözi bilen ýüzlendi. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky derwaýys meseleleriň çözülmeginde, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda täsirli gural hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, ol maýadarlaryň ählisini özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna çagyrdy. Şeýle-de çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda gazananlarynyň jikme-jik syny hem-de ýakyn döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň meýilnamalary we taslamalary bilen tanyş boldular. 

Soňra Türkmenistanyň BAE-ki Ilçisi, «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer, Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi, «TAPI Pipeline Company Limited» ýerine ýetiriji direktory M.Amanow, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow dagylar çykyş etdiler. 

Plenar mejlisiniň ahyrynda moderator, Britan-Türkmen işewürlik geňeşiniň başlygy Ronald Neş çärä gatnaşyjylaryň ünsüni häzirki zaman dünýäde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň we Bitaraplyk derejesiniň aýratyn wajyplygyna ünsi çekdi we Türkmenistanyň Owganystan bilen oňyn gatnaşyklaryny aýdylanlaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Alyp baryjy Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan durnuklaşmagy üçin ýurda kömek bermek boýunça tagallalaryny aýratyn belläp geçdi hem-de ynsanperwer kömekleriniň berilmegini, şu günki günde elektrik togy bilen üpjün edilmegini we geljekde TOPH gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilmeginiň aýratynlyklaryny jikme-jik nygtap geçdi.