DUBAÝDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ ROUD-ŞOUSYNYŇ JEMLERI JEMLENILDI

2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanydyr» atly tegelek-stoly we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň hukuk hem-de salgyt şertleri boýunça seminar guraldy.

Günüň ahyrynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen deslapky ýagdaýda ylalaşylan duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatynyň ikinji gününiň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ýene-de iki sany sessiýa işjeň ýagdaýda geçirildi.

Öz çykyşlarynda «Тürkmengaz» DK-niň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we NaPeCo kompaniýasynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly maýadarlar bilen türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarmagyň täze çözgütlerini teklip etdiler. Türkmenistanda bar bolan iş tejribesi, geljek üçin durmuşa geçirilýän taslamalar we meýilnamalar Yug-Neftegaz, Schlumberger Logelco Inc, «Tatneft» ýaly we beýleki kompaniýalar tarapyndan görkezildi.

Soňra moderatorlar tarapyndan her bir sessiýa teswirlenildi. Olar ýurt, sebit we tutuş dünýä üçin şeýle çäreleri geçirmegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. Jemleýji söz Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisine berildi.  

Maslahatyň jemlerini jemlemek bilen Ý.Kakaýew bellige almagyň netijeleri boýunça maslahata 113 sany kompaniýadan 300-den gowrak wekilleriniň gatnaşandygyny mälim etdi, bu kompaniýalara çärä gatnaşmak boýunça bildiren gyzyklanmalary, moderatorlara sessiýalary alyp barandyklary, spikerleri maglumat bilen doly çykyşlary we peýdaly maglumatlary beýan edendikleri, guramaçylara bolsa forumyň ýokary derejede geçirilendigi üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Geňeşçi sözüniň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisini indiki çärelere hem işjeň gatnaşmaga çagyrdy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde indiki roud-şounyň iýulda Londonda geçiriljekdigini, oktýabr aýynda bolsa däp bolşy ýaly, ýubileý 25-nji halkara forumynyň Aşgabatda geçiriljekdigini mälim etdi.