AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi.
Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr.
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady häsiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda import we eksport aragatnaşyklarynyň artdyrylmagynyň, maýa goýumlaryň giňeldilmeginiň, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň, şeýle-de işewürlik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Taraplar energetika, ulag we logistika, kommunikasiýalar we senagat ulgamynda söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi babatynda pikir alyşdylar. Nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar bu ugurdaky yzygyderli gepleşiklerini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi barada gürrüň etmek bilen taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçiriýän ynsanperwerlik häsiýetli başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.