OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE AZIÝADA-2017-NIŇ MEDIA MERKEZI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2017-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa Oýunlarynyň Olimpiýa şäherçesinde Media merkezi öz işine başlady. Oýunlaryň dowamynda bu merkez KHBS-niň işiniň esasy ýeri bolup, bu ýerden Oýunlaryň gidişi baradaky jikme-jik we dessin maglumatlar dünýä ýurtlaryna ýaýradylar. Media merkeziň maslahatlar zalynda resmi press-maslahatlar geçiriler.

Media merkeziň işine başlamagyna bagyşlanan açylyş dabarasyna Oýunlary gurnaýjylaryň wekilleri we daşary ýurtlardan bu uly göwrümli sport ýaryşlaryny dünýä ýaýmak üçin Aşgabada gelen köpsanly sport habarçylary gatnaşgy.

Media merkeziň esasy binasy dört gatly bina bolup, onda habarçylar we ýalyma goýberijiler üçin gerekli aragatnaşyk ýollaryna birikdirilen iş otaglary abzallaşdyrylypdyr. Bu ýerde maglumatlar býurosy bar we telewideniýe, neşir edilýän hem-de internet habar beriş serişdeleri üçin hemme gerekli enjamlar oturdylypdyr.