ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary T.Greminger bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özarahereketleriniň iş ýüzündäki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegi babatyndaky tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy nygtalyp geçildi. ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Hökümetiniň saglygy goraýyş we ilatyň howpsuzlygy ulgamynda durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berdi, şeýle-de ýurdumyzyň adatdan daşary ýagdaýlarda ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň durnuklylygynyň üpjün edilmegi boýunça halkara gurallarynyň işlenilip düzülmegi ulgamyndaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdi. Taraplar bu ymtylyşlaryň ýanaşyk ýerleşen ýurtlaryň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýändigi barada pikire geldiler.
Bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetli göwrümi barada gürrüň etmek bilen, taraplar terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary babatyndaky özarahereketleriň ýokary derejesini aýratyn belläp geçdiler. Bu ugurda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
Taraplar şeýle-de sebitleýin meselelerini, energetiki howpsuzlygyny we durnukly ulaglaryň üpjün edilmegi boýunça döwletara hereketlerini, şol sanda ÝHHG-niň «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Suw hem-de ekologiki howpsuzlyk meseleleri dogrusynda hem pikirler alyşyldy. Sanly KHBS, kiberhowpsuzlygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has hem çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.
Şol gün ÝHHG-niň Baş sekretary T.Gremingeriň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen onlaýn görnüşindäki duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar ÝHHG-niň çäklerinde parlamentara özarahereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.