2-nji oktýabdra Aşgabada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen gelýär

2-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelýän Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, netijelilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy we Russiýany öňden gelýän, gadymy dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-russiýa gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça işjeňleşdirilýär. 

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy BMG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny hem-de tekliplerini goldaýarlar. Ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. 

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy taraplaryň hoşniýetli syýasy erkine, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereket etmegiň köpýyllyk tejribesine we elbetde, iki ýurduň halklaryny berk baglanyşdyrýan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy taýdan kemala gelen gatnaşyklaryna esaslanyp, häzir täze mazmuna eýe bolýar. Munuň özi onuň köptaraply kuwwaty bilen hem, Türkmenistanyň we Russiýanyň şol kuwwaty has netijeli peýdalanmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleri herekete getirmäge gyzyklanmasy bilen hem şertlenendir. 

Şunda iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklary, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny taraplaryň ileri tutýan ugurlaryna we döwrüň ýagdaýlaryna kybap gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga hemişe taýýardygy möhümdir. Munuň şeýledigine ýokary derejedäki, şol sanda iri halkara çäreleriniň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň maslahatlarynyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli häsiýeti aýdyň şaýatlyk edýär. 

Iki döwletiň Hökümetleriniň, daşary syýasat edaralarynyň we parlamentleriniň derejesinde yzygiderli aragatnaşyk saklanylýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri geçen 25 ýylda berk kadalaşdyryjy hukuk binýady döredilip, oňa häzirki wagtda ikitaraplaýyn resminamalaryň 191-si girýär. 

Türkmenistan bilen Russiýanyň iri sebitleriniň, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň, Sankt-Peterburgyň, Astrahan we Swerdlow oblastlarynyň hem-de beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy oňyn ösdürmegiň nusgalyk mysalydygyny ynam bilen aýdyp bolar. 

Russiýanyň belli kompaniýalarynyň birnäçesiniň Türkmenistanda iş alyp barmagy ykdysady hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol kompaniýalar bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda iki döwlet üçin hem strategiki ähmiýetli ýangyç-energetika toplumyndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar hem-de işewür gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Häzirki günde Türkmenistanda rus tarapynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň 188-si bellige alyndy. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň hem-de iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň alyp barýan yzygiderli işleri boýunça hem döwletara hyzmatdaşlygynyň oňyn depgine eýedigini aýdyp bolar. Bu düzümlere netijeli gatnaşyklary berkitmekde we ösdürmekde, taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmekde, özara hereketleri diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de onuň täze wajyp usullaryny işläp taýýarlamakda ähmiýetli orun berilýär. 

Elbetde, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölekleriniň biriniň bolsa taraplaryň aýratyn ähmiýet berýän ynsanperwer ulgamydyr. Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýylsaýyn giňeýän gatnaşyklar munuň subutnamasydyr. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdep iki döwletiň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň özboluşly nyşanydyr. Ýokary bilim hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen talyplary Russiýa Federasiýasynyň esasy ýokary okuw mekdeplerine okuwa yzygiderli ugradylýar. 

Mundan başga-da, medeni we döredijilik alyşmalary kuwwatly ösüşe eýe boldy. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we baýlaşdyrylmagyna hyzmat edýär. Hususan-da, geçen ýylyň awgust aýynda Moskwa hem-de Wladimir şäherlerinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçdi. Şu gün Aşgabatda guralýan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýokary derejedäki duşuşyga gabatlanyldy. 

Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar, munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň nobatdaky duşuşygynyň ähmiýetini artdyrar. Bu duşuşyk iki ýurduň dostlukly halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de işjeňleşdirmek üçin nobatdaky möhüm ädime öwrüler, däbe öwrülen gatnaşyklary täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrar.