TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň «С5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar syýasy-diplomatiki ugur boýunça özarahereketlere we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine seretdiler. Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy hem-de dürli pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda bilelikdäki gurallaryň ýola goýulmagy mejlisiň dowamynda garalan esasy meseleleriň arasynda boldy.
Ministrleriň duşuşygynda çykyş eden, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň owgan meselesi babatyndaky garaýyşlaryny beýan etdi. Ol türkmen tarapynyň goňşy döwletdäki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrundaky köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlygy goldaýandygyny hem-de bu ugurda ýurduň ähli syýasy-diplomatiki mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň meýdançasynyň ulanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda özara maýa goýumlarynyň, sebitleýin infrastruktura, ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika ulgamlaryndaky taslamalarynyň artdyrylmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar saglygy goraýyş, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtlandyrmak boýunça hem pikir alyşdylar.