Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid önümlerini öndürýän wajyp taslama durmuşa geçirilýär

Garabogaz aýlagynyň kenarynda ýerleşýän bu adybir şäheriň hut ýakyn geljek ýyllarda Garaşsyz diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan himiýa pudagynyň has ösen merkezine öwrüljekdigi hem şübhesiz hakykatdyr. Aýlagyň kenaryndaky şäherde ýerleşýän  «Garabogazsulfat» önümçilik  birleşiginiň taýýarlaýan himiýa  önümleri hut häzirki pursatda-da  içerki we daşarky bazarlarda uly  islegden peýdalanýar. Bu täsin aýlagyň kenarynda ýerleşýän Garabogaz ýakyn wagtlarda ösen şähere öwrüler. Hut häzir bu şäherde karbamid öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygy gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Işe girizilenden soňra kärhanada her ýylda öndüriljek 1 million 155 müň tonna barabar ýokary hilli karbamid tutuşlygyna eksporta ugradylar.

Gowşamaýan depginlerde amala aşyrylýan bu taslamanyň maksady Türkmenistanyň merkezi we gündogar sebitlerindäki örän baý serişdeli gorlary ýurduň günbatar sebiti bilen birleşdirmekden, netijede Balkan welaýatyny senagat taýdan çalt depginler bilen ösdürmekden, bu sebitde häzirki zaman senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny gurmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden ybaratdyr. Juda uly geljegi nazarlaýan bu täze kärhananyň öndürjek önümleriniň ähli möçberleri daşarky bazarlarda ýerleşdirilip, olardan köp möçberde ykdysady girdejiler gazanylar. Iň esasy zat bolsa, täze kärhana adamlaryň 5000 müňe golaýyny iş orunlary bilen üpjün eder. 

Zawodda ornaşdyryljak enjamlaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil desgalarydyr enjamlary bolmagy we olaryň doly awtomatlaşdyrylmagy bu täze kärhananyň önümçilik kuwwatynyň has-da ýokary bolmagyny üpjün eder. Täze kärhanada karbamid öndürmek üçin esasy çig mallaryň biri bolan tebigy gaz «Gündogar—Günbatar» magistral gaz geçirijisinden alnar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Çorporation» kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzümine girýän «Gap Inşaat» kompaniýasynyň döreden konsorsiumynyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda bina edilýän zawodyň gurluşygy şu günler barha güýçli depgine eýe bolýar. Kärhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde her ýylda tebigy gazdan taýýarlanyljak 660 müň tonna barabar ammiak karbamid önümçiliginde ýene bir esasy çig mal bolup hyzmat eder.

Gymmatly azot dökünlerine degişli bolan karbamid önümlerine dünýäniň ösüp barýan ýurtlary bilen bir hatarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem-de Günbatar Ýewropa döwletleri has köp isleg bildirýär. 

Daşky gurşawy gorap saklamakda ähli zerurlyklar aňryçäk derejede göz öňünde tutulan himiýa senagatynyň bu ägirt uly kärhanasynyň gurluşygynda häzirki wagtda dürli kärlerdäki hünärmenleriň 3 müň 100-si zähmet çekýärler. Olaryň 2 müň 740-sy bolsa türkmen hünärmenleridir. Olar ýokary kuwwatly, dürli maksatly tehnikalaryň we tehniki enjamlaryň üç ýüze golaýyna başarjaň erk etmek bilen, mehaniki turba, ammiak sehlerini, ammiagy tutup alyjy bölümçäni, mehaniki abatlaýyş binasyny, enjamlary sowatmak üçin deňizden zawoda gelýän we yzyna gidýän suw ulgamyny, baş elektrik bekedini, edara ediş binasyny, işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki möhüm desgalary gurmak, metal konstruksiýalaryny gurnamak, turba geçirijileri çekmek ýaly işlerini bellenilen meýilnama laýyk derejede alyp barmagyň hötdesinden gelýärler. Bu ýerde zähmet çekýänleriň amatly ýatak jaýlary, naharhana we gaýry durmuş zerurlyklary bilen birkemsiz üpjün edilmegi bolsa iş depginini barha artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Dünýäniň iň ýokary hil ülňülerine laýyk derejede gurulýan bu ägirt uly kärhanada işlejek hünärmenleri häzirden taýýarlamak üçin Garabogazda «Türkmenhimiýa» döwlet konseminiň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň bölümi açyldy. Onda ýaşlaryň jemi 287-sine dürli ugurlar boýunça ýörite hünärler öwredilýär. Olar önümçilik tejribeliklerini konserniň «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlarynda geçýärler.