Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi. Bu neşir ruhy-watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijiligini höweslendirmek maksady bilen neşir edilýär. Olaryň çeperçilik mümkinçilikleri žurnalyň göwnejaý bezelen sahypalarynda beýan edilýär.
Žurnalyň täze sany sentýabr aýynda geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlaryna bagyşlanýar, şol oýunlara türkmen esgerleri gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň ençemesine mynasyp boldular. Munuň özi biziň edermen Watan goragçylarymyzyň hemmetaraplaýyn başarnyga eýediklerine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Olaryň ukyp-başarnyklary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän uly ünsi netijesinde doly açylýar.
Neşiriň sentýabr aýyndaky sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Watanymyzyň şöhratyny belende göteren türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişlerini dabaralandyrýar. Şeýle hem žurnalyň täze sany biziň harby habarçylarymyzyň Aziadany giňden beýan etmekde ýokary ussatlyk derejesini görkezendiklerini aýan etdi.
Žurnalda ýerleşdirilen makalalary köpýyllyk iş tejribeli ýokary derejeli serkerdeler, şeýle-de ýaňy-ýakynda goşun gullugyna gelen ýaş esgerler taýýarlapdyrlar. Olar özleriniň çuň many-mazmunly hem-de köpöwüşginli makalalarynda türkmen paýtagtynda geçirilen ägirt uly sport baýramçylygynyň tomaşaçylarda galdyran ýatdan çykmajak täsirlerini beýan edýärler.
Makalalary ýazanlar oýunlaryň uly ähmiýetini nygtamak bilen, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini buýsanç bilen belläp, harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzyň sportda gazananlaryna mynasyp goşant goşandyklaryny nygtaýarlar. Muňa “Merkezi goşun” harby sport klubuna bagyşlanan makala hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu klubuň agzalary berk tertip-düzgünli goşun gullugynda bolmak bilen, yklymyň belli türgenleri bilen deň derejeli bäsleşýärler we olary ynamly ýeňmegi başarýarlar.
Şeýle hem žurnalda harby institutlaryň talyplaryna bagyşlanan makala çap edilýär, harby talyplar “Aşgabat 2017” oýunlarynyň “Ilkinji ýyldyzlar” meýletinçiler hereketiniň hataryna girdiler. Olaryň arasynda giň gözýetimli, daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilýän hem-de ýaryşlaryň geçirilýän döwründe paýtagtymyzyň myhmanlaryny halkymyza mahsus bolan ýokary myhmansöýerlik bilen garşylan we ugradan ýaşlar bar.
Neşirçiler žurnalyň bezegine aýratyn üns berdiler, onuň sahypalarynda harby fotosuratçylaryň alan suratlary ýerleşdirildi, ol suratlarda biziň türgenlerimiziň ýeňişleriniň bagtly pursatlary beýan edilýär. Ol pursatlar ýetginjekleriň uly toparyna nusga almagyň ajaýyp mysallaryna öwrüldiler.
Neşiriň sahypalary şeýle hem baý mazmun beýan edilen suratlar bilen bezelipdir. Olar nusgalyk görnüşde bolmak bilen, “Aşgabat 2017-niň” oýunlary, şeýle hem ýurdumyzyň sportda gazananlary barada gyzykly maglumatlary açyp görkezýärler. Olaryň birinde türkmenistanlylaryň halkara derejeli ýaryşlarda mynasyp bolan sylaglarynyň mukdar taýdan okgunly ösüşi beýan edilýär. Onuň üsti bilen Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 2012-nji ýylda bolan dürli halkara çempionatlarda bary-ýogy 271 sylaga mynasyp bolandygyny bilmek bolýar. Emma şu ýylyň 9 aýynyň içinde gazanylan medallar bolsa öňküden iki ýarym esseden hem köpdür. Bu uly bolmadyk döwrüň içinde türgenlerimiz ýurdumyza dürli derejeli medallaryň 654-sini getirdiler.
500 günlük atly ýöriş baradaky makala bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawynyň gadymy Nusaýdan başlap, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine çenli geçen şöhratly ýoluny görkezýän gyzykly karta görkezijisi bilen bezelipdir. Onda atlylaryň ýurdumyzyň her bir şäherine we obasyna baryşlary we geçen ähli menzilleri aýdyň görkezilýär.
Žurnalyň goşa sahabynda dürli ugurdaky sport ýaryşlarynda eýelän medallaryny buýsanç bilen görkezip duran bagtyýar goşun gullugyndaky türgenleriň onlarçasynyň suratlary ýerleşdirilipdir. Olaryň sport ulgamyndaky bu ýeňişleri düzümi mähriban ýurdumyzyň goragynda sak durýan merdana esgerlerden doly bolan Ýaragly Güýçlerimizde gulluk edýän esgerlerimiziň örän gaýratlydyklarynyň we beden taýdan gujurlydyklarynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.