2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen atlandyryldy

Türkmen halkynyň her ýyly ýörite şygar bilen atlandyrmagy parasatly däbe öwrüldi. Şu däbiň dowamy hökmünde, şeýle hem raýatlarymyzyň tekliplerini we ýüzlenmelerini göz öňüne tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Permanda geljek 2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen atlandyrmak barada aýdylýar.