TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜÇIN SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM ULGAMLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI BARADA AÝRATYN BELLEDI

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durnukly ösüşi çygrynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi. 

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärleri höweslendirmek we COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan karara gol çekjekdigi barada aýtdy. Şeýle-de Döwlet Baştutany “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze redaksiýasyny taýýarlamagyň zerurlygy barada belledi.    

Ylym we bilim ulgamlaryndaky, hususan-da, innowasiýalar we tehnologiýalar ulgamlaryndaky düýpli özgerişikler barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda degişli Maksatnamany taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň anyk ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy.