„Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi „: eýýamlaryň gatnaşygy we parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri

Paýtagtymyzyň „Mekan“ Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi „ atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy. Dabaraly çärä Hökümetiň agzalary, ýurdumyzda ýerleşýän ilçihanalryň we halkara guramalarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

2018-nji ýylda türkmenistanlylaryň şygary hökmünde saýlanylan döwlet baştutanynyň täze eseriniň „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi „ diýlip atlandyrylmagy taryhy tejribä, parahatçylyk döredijilik we hoşmeýilli goňşuçylyk, ruhy mirasa sarpa goýmak ýörelgelerine, sebit we ählumumy goşulyşmaga hem-de ösüşe tarap ugra esaslanýan ýurduň häzirki ösüşiniň konsepsiýasyny beýan edýär. 

Kitabyň baş ideýasy – Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly arkaly onuň halkara derejesindäki döredijilikli başlangyçlaryna göz ýetirmekdir. Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşlylygynyň köpugurly seljermesi geosyýasy taýdan amatly ýelreşýýan Türkmenistanyň döwrüň goşulyşma prosesindäki ähmiýetini delillendirýär. 

BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üç dilde çap edilen täze kitabynyň ýurtda amala aşyrylýan demokratik we durmuş-ykdysady özgertmelerine, şeýle hem döwlet baştutanynyň halkara başlangyçlaryna okyjylar köpçüliginiň, şol sanda daşary ýurtly okyjylaryň düşünmegi jähtinden uly ähmiýetlidgini nygtady. 

ÝuNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretaty Guwandyk Poladow täze neşiriň Beýik Ýüpek ýolunyň, hususan-da, onuň Gadymy Merw, Könürgenç we Nusaýyň Parfiýa galalary ýaly Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen belli ýadygärlikleri bolan türkmen böleginiň ruhy we taryhy-medeni ugruny ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. 

Günbatar we Gündogar ýaly beýik siwilizasiýalaryň gatnaşygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti uly bolupdy. Kerwen ýollarynyň üsti bilen diňe bir harytlar däl, eýsem bilimler hem ýaýrapdyr, medeni, ruhy gymmatlyklar, açyşlar, hojalygy ýöretmek tejribeleri we senet syrlary birek-birege geçipdir. Şeýle ýol bilen kemala gelen ykdysady diplomatiýa özara düşünişmekligiň, syýasy ylalaşygyň we ösüşiň wajyp guraly bolupdyr. 

„Mekan“ köşgünde ýaýbaňlandyrylan çeperçilik we amaly-haşam sungatynyň tematiki sergisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň ideýa-çeperçilik babatda ähmiýetiniň uludygyny görkezdi. Dabara gatnaşanlaryň öňünde Türkmenistanyň sahna ussatlary çykyş etdiler.