TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtady. Abraýly sebit we ählumumy derejedäki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 Ýurdumyzyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary yzygiderli goldaýandygy üçin hindi tarapyna minnetdardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer, iri möçberdäki daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam eder.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

 Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň gadymy däpleriniň we baý taryhy mirasynyň bardygyny nygtap, ynsanperwer ulgamda, şol sanda Medeniýet günleri, sergiler, festiwallar, döredijilik alyşmalar ýaly dürli medeni çäreleri geçirmek arkaly, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.

 Şeýle hem ylym-bilim gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, parlamentara derejede yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň ýola goýulmagynyň möhümdigi bellenildi.

 Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

 Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

 Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.