Türkmenistanyň Döwlet mýzeýinde Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet mýzeýinde Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy. Däp bolşy ýaly, onda ýurduň taryhy, türkmen halkynyň däp-dessurlary we medeniýeti, onuň parahatçylyk söýüjilik, hoşmeýilli goňşuçylyk we döredijilik mümkinçiligi, özygryýarly ösüşler döwründe gazananlary barada giňişleýin düşünje berýän eksponatlar bar. 


Baýrama bagyşlanan sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-publisistik işleri, fotosuratlar, çeperçilik, amalay-haşam we zergärçilik sungatynyň eserleri, döwrümiziň şanly nyşanlary bolan Garaşsyzlyk binasynyň, Bitaraplyk binasynyň, paýtagtymyzyň aýajyp binalarynyň gymmatly materiallar ulanylyp ýasalan nusgalary goýlupdyr. 

Muzeýde täze goýlan eksponatlaryň arasynda golaýda Ahal welaýatynda açylan “Ak öýüň“ hala çitilen ýordumly şekili we altyn çaýylyp, malahitden, kümüşden nusgasy bar. 

Baýrama bagyşlanan sergide goýlan özboluşly eksponatlaryň arasynda ak mermere bürenen Aşgabadyň gözel binalarynyň, taryhy-medeni mirasyň ýadygärlikleriniň, türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň, şeýle hem dünýäniň syýasy kartasynyň şekili çekilen ýordumly nepis halylar hem goýlupdyr.