GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy A.Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar onuň ähmiýetini we öz wagtynda geçirilmegini nygtamak bilen, Özbegistan Respublikasynyň şu ýyl GDA-na başlyklyk etmeginiň netijeliligini belläp geçdiler.

Duşuşygyň başynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamynda amaly özarahereketler, şeýle-de pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýyslygygyna garaldy. 

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde, hususan-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygyny tassyklady.

Köptaraplaýyn ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle-de türkmen tarapynyň agrosenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenilmegi, saglygy goraýyş we farmasewtika hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-da 2021-nji ýylyň – Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy aýratyn bellenildi. Şunlukda şu ýylyň maýynda Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapy Çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky degişli Çözgüde gol çekdi. Şu nukdaýnazardan mejlise gatnaşyjylara geljek ýylda Türkmenistanda binagärlik we şäher gurluşygy ulgamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň barada habar berildi.  

Mejlisiň barşynda ylym, medeniýet we sport pudaklaryndaky bilelikdäiki taslamalar bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar hususan-da «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň birinji tapgyryny amala aşyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2030-nji ýyla çenli sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hakynd» hem-de «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda 2021-2022-nji ýyllar üçin ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasy hakynda» bilelikdäki çözgütleri kabul etdiler.