TÜRKMENISTAN «MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI 16-NJY DUŞUŞYGA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 16-njy Ministrler derejesindäki duşuşuga gatnaşdy. 

Mejlise şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebitleriň ikisiniň hem gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hukugynyň dolulygyna berjaý edilmegi arkaly parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ählumumy adam hukuklarynyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyga ygrarlylyklaryny beýan etdiler.

COVID-19 pandemiýasynyň we onuň durmuş-ykdysady netijeleriniň ýeňip geçilmegi boýunça hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryna berýän goldawynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ÝB-niň we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp geçdi. ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän degişli sebitleýin maksatnamanyň ýakyn geljekde MA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigi nygtaldy. Bu babatda R.Meredow ileri tutulýan esasy ugurlar boýunça MA ýurtlarynyň, ÝB-niň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine çagyrdy. 

Şonuň ýaly-da ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşykda Türkmenistanyň nukdaýnazary beýan edildi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2021-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň işlenilip düzülmegi bilen birlikde bu Strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi boýunça hereketleriň takyklaşdyrylmagyny teklip etdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda saglygy goraýyş, durnukly energetika, ulag özarabaglanşyklylygy we daşky gurşawyň goraglylygynyň meseleleri öňe çykaryldy.  

Duşuşyga gatnaşyjylar hukugyň hökmürowanlygy, gender deňligi we adamyň uniwersal hukuklarynyň ulgamynda gazanylan öňegidişlikleriň wajyplygyny neygtadylar. COVID-19 pandemiýasy döwründe serhetleriň we suw serişdeleriniň dolandyrylmagy, söwda we ykdysady integrasiýa ýardam etmek ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ulgamlarda ÝB ähmiýetli maliýe we tehniki kömegini berýändir.

Taraplar özara gyzyklanma bildirýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ylalaşdylar we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky bilelikdäki hereketleriň geljegi barada pikir alyşdylar.