Duşenbede ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleri geçiriler

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Sapar Prezident Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar. 

Ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-täjik duşuşygy ozal gazanylan hökümetara ylalaşyklaryny berkitmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Elbetde, munuň özi goňşy ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr bolar, iki döwletiň halklaryny bolsa doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk hem-de taryhy taýdan kemala gelen ruhy medeni gatnaşyklar birleşdirýär. 

Uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak äheňi köp babatda goňşy döwletleriň Liderleriniň örän uly üns bermegi bilen hem şertlendirilendir. Olaryň özara saparlary yzygiderli we ýokary derejede netijeli häsiýete eýedir. 

Häzir Türkmenistan we Täjigistan netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesini baýlaşdyrmaga çalyşmak bilen, ony tutuş sebitiň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli bilelikdäki taslamalar bilen berkidýärler. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bar, onuň amala aşyrylmagy transmilli ulag ulgamyny ösdürmäge täze itergi bermelidir, tutuş Ýewraziýa yklymynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir. 

Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň ýakyndygy iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde olaryň netijeli gatnaşyklaryny şertlendirdi. 

Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny gurşap alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 70-den gowragy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Işewur gatnaşyklaryny ösdürmekde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyna ähmiýetli orun berilýär. Onuň 7-nji mejlisi şu ýylyň ýanwarynda Aşgabatda geçirildi. 

Bilelikdäki işewürler maslahatlary milli ykdysadyýetleriň eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, öňdebaryjy türkmen we täjik önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini görkezmek, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, döwlet we hususy kärhanalaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, olaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat çäredir. 

Elbetde, ynsanperwer ulgamda özara hyzmatdaşlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Taraplar muňa aýratyn ähmiýet berýärler. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni hem-de ylmy alyşmalar ýygjamlaşdy, özara Medeniýet günleri geçirilýär, türkmen we täjik alymlarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlary geçirilýär hem-de belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralýar. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň gepleşikleriniň jemleri boýunça köp ugurly döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam etjek ikitaraplaýyn möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Bu hyzmatdaşlygyň bolsa geljegi uludyr. /Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /