BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞTUTANY METBUGAT-MASLAHATYNY GEÇIRD
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German metbugat-maslahatyny geçirdi.
Çärä ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bardyr.
Metbugat-maslahatyny açmak bilen, N.German gatnaşyjylary Täze ýyl bilen gutlady we hyzmatdaşlyk saklaýandyklary üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol öz çykyşynda, geçen ýyl adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan wehimlerine garamazdan, tutuş ýylyň wakalara baý bolandygyny belläp geçdi. Hanym German: «Biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belläp geçdik, ol bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy 75 ýyllyk ýubileýi bilen simwoliki taýdan gabat geldi», diýip belledi.
Ol çärä gatnaşyjylara 2020-nji ýylyň möhüm wakalary we ýetilen sepgitleri barada gürrüň berdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi.
Öz çykyşynyň barşynda hanym German geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasyna aýratyn ähmiýet berdi. Mälim bolşy ýaly, bu resminama BMG-niň resmi dillerinde neşir edildi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
«Jemleýji resminamada dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bitaraplyk syýasatynyň aýratyn orny öz beýanyny tapandygyny bellemek zerurdyr. Ol sebit we global derejede halkara parahatçylygynyň hem-de howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär», diýip hanym German aýtdy.
Şeýle-de bitaraplyk syýasatynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň hemmetaraplaýyn ulanylmagyna çagyrýandygy hem bellenilip geçildi, ol bolsa dawalaryň öňüniň alynmagynda we parahatçylyk döredijilik proseslerinde BMG-niň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandyr.
Şeýle-de öz çykyşynda N.German BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň ähmiýetini hem nygtap geçdi. «Biziň üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly özbaşyna durnukly ösüşiň, raýdaşlygyň we sazlaşygyň gazanylmagy ugrunda syýasy dialog, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk arkaly halkara jemgyýetçiligini döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça hereketlere işjeň çekmegiň netijeli usuly bolup durýar», diýip N.German sözüniň üstüni ýetirdi.