TÜRKMENISTAN JENAÝATÇYLYGYŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY WE JENAÝAT ADALATLYLYGY BOÝUNÇA BMG-NIŇ 14-NJI KONGRESINE GATNAŞDY

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2021-nji ýylyň 7-12-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen jenaýatçylygyň öňünden duýdurylmagy we jenaýat adalatlygy boýunça BMG-niň 14-nji Kongresine gatnaşdy.

Çärä 150-den gowrak agza-döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ýustisiýa ministri Ýoko Kamikawa 14-nji Kongresiň Başlyklygyna saýlandy. Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy B.Atdaýew öz çykyşynda çärä gatnaşyjylara raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty, ýurduň jenaýat kanunçylygy, jenaýat kazyýet işiniň ýöredilişi, şeýle-de prokuratura edaralarynyň işi barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu ugurda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy, Türkmenistanyň içerki kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we özgerdilmegi, guramaçylykly jenaýatyň, terrorçylygyň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň, adam söwdasynyň we kiber jenaýatlaryň öňünden duýdurylmagy hem-de olaryň garşysyna göreşmek ýaly ugurlarda BMG-niň Agentlikleri bilen ýola goýlan önjeýli gatnaşyklar aýratyn bellenilip geçildi.