TDIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy.

Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew döwlet baştutanynyň çuň mazmunly we suratlar bilen baýlaşdyrylan täze kitabynda paýtagtymyzyň taryhy we şu güni barada jikme-jik beýan edilendigi hakynda belledi.

Şeýle-de dabarada paýtagtlary Aşgabat şäheri bilen doganlyk gatnaşykda bolan döwletleriň ilçileri, hususan-da, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Kuçkarow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Naýçen, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýe.Sapiýew, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Oral çykyş etdiler.

Mundan başga-da, öz çykyşlaryny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa beýan etdiler.

Dabara gatnaşyjylar “Ak şäherim Aşgabat” kitabynyň paýtagtymyza bolan guwanjy artdyrýandygy hem-de şäheriň üýtgeşik gözelligine, binagärlik aýratynlyklaryna has gowy baha bermäge mümkinçilik berýändigi barada bellediler. Ýurduň baş şäheriniň taryhy ösüşi we özgerişi barada gürrüň berildi. Paýtagtyň “Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna” girizilen käbir desgalary barada bellenip geçildi. Şeýle-de çykyş edenler Aşgabatda geçirilen iri halkara çäreler barada aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.