«SOLTAN SANJARYŇ TARYHY KEŞBI WE TÜRKMEN HALKYNYŇ PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLI DOSTLUK TAGLYMATY» ATLY HALKARA DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binasynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygy göni hem-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Bu döredijilik duşuşygyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň, şol sanda Ýaponiýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Yragyň, Alžiryň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bolgariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Italiýanyň hem-de Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow giriş sözi bilen çykyş etdi.

Çäräniň dowamynda dünýä taryhynda uly döwletleri guran türkmen halkynyň tagallalary bilen döredilen Beýik Seljuk döwletiniň köp asyrlaryň dowamynda bütin dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna öz täsirini ýetirendigi barada gürrüň edildi. Seljuk türkmenleriniň guran döwleti dünýä taryhynda möhüm sahypa bolup, ol häzirki döwre çenli alymlaryň, taryhçylaryň, syýasatçylaryň üns merkezinden düşmän gelýändigi bellenildi.

Beýik Seljuk imperiýasynyň halkara şöhratyny we kuwwatyny üpjün eden we häzirki zaman şertlerinde hem derwaýys bolup durýan binýatlyk ýörelgeleriniň birnäçesine syn bermek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew öz eden çykyşynda Soltan Sanjaryň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolan, parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, bitaraplyk ýörelgeleri hem-de özara şertnamalar baglaşmak dessury barada aýratyn belläp geçdi.

Bu babatda öz çykyşynda Ýaponiýanyň Miho muzeýiniň esasy ylmy işgäri Sergeý Laptewiň hem belleýşi ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylykly başlangyçlary Beýik Seljuk döwletiniň hökümdary Soltan Sanjaryň öz düwründe alyp baran daşary syýasatynyň bitaraplyk ýörelgesi bilen berk baglanyşyklydyr.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy aragatnaşyklar we gözlegler merkeziniň müdiri Ýahýa Mahmyt ibn Jüneýt öz çykyşynda Soltan Sanjar hakynda maglumat berýän iň irki çeşmeler barada gürrüň berdi.

Rumyniýanyň Kluž uniwersitetiniň professory Margareta Aslan Beýik Seljuk döwletiniň ykdysadyýeti we medeniýeti barada aýdyp, Soltan Sanjaryň döwründe imperiýanyň söwda we önümçilik ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetendigi, şeýle hem Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda we medeni merkez bolup hyzmat edendigi barada nygtady.

Çäräniň ahyrynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.