AŞGABATDATÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň (Mejlisiň we Halk maslahatynyň) ýolbaşçylary we agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň başlygy, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzdaky halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem daşary ýurt hem milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýolbaşçysy Gülşat Mämmedowa öz çykyşynda Aşgabatda ýerleşýän degişli halkara guramalary, hususan-da, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň edarasy bilen ysnyşykly utgaşdyrylmagynda işlenilip taýýarlanylan bu resminamanyň ähmiýetini beýan etdi. Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary boýunça halkara-hukuk konwensiýalarynyň hem-de şertnamalarynyň birnäçesiniň agzasy bolup durýandygy we şunuň bilen bagly halkara tejribeleri ornaşdyrmagy dowam edýändigi bellenildi.

Halkara guramalaryň ýolbaşçylary eden çykyşlarynda adam hukuklary babatda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen bilelikdäki işleriň ähmiýeti nygtaldy.

Gatnaşyjylar bu resminamada berkidilen wezipeler we strategiki ugurlar bilen jikme-jik tanyşdylar hem-de olary netijeli durmuşa geçirmek bilen bagly pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, kabul edilen milli Meýilnama Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny kepillendirmegi we üpjün etmegi, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, şeýle-de ynsanperwer ulgamda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.