TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi.
Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stoly geçirmegiň maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdy.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna şunuň ýaly wekilçilikli halkara foruma gatnaşmagyna iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi we daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalarynyň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine Türkmenistanyň ygrarlydygyny nygtady.
Prezident: “Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylygyň bu ugruň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn” diýip belledi. Döwlet Baştutany bu düýpli resminama goşulmak bilen, Türkmenistan BMG we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ony hemmetaraplaýyn utgaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur guramaçylyk we tehnologik şertleri üpjün eden Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreleriň giňden ornaşdyrylýandygyny aýtdy. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurtda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe görkezijileri mysal hökmünde beýan etdi.
Ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, häzirki zaman energiýa çeşmeleriniň hemmeler üçin amatly we ynamdar bolmagy üçin giň elýeterliligi üpjün etmek boýunça döwletiň halkara başlangyçlary barada aýtmak bilen, Prezident: “Dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar” diýip belledi.
Şeýle-de Döwlet Baştutany senagaty ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, ozon gatlagyny goramak babatda iki iri taslamany amala aşyrmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny nygtady.
Prezident BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmegi teklip etdi.
BMG-niň Baş sekretary tarapyndan çagyrylan bu ýokary derejeli ýygnak, “COVID-19 ýokanjy döwründe we ondan soňky pursatlarda ösüşi maliýeleşdirmek (FFDI) boýunça başlangyçlaryň” çäklerinde BMG-niň sebitleýin ykdysady komissiýalary tarapyndan soňky birnäçe aýyň dowamynda geçirilen tegelek stollaryň tapgyryny jemleýär.