TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Şertnamanyň tarapdary bolmak bilen, ony hyzmatdaş döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda kämilleşdirmek boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar. Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek hakynda ara alyp maslahatlaşmalara başlamak baradaky karar 2017-nji ýylyň noýabrynda EH-niň Aşgabat maslahatynda kabul edildi.

Maýa goýum we maliýeleşdirmek, durnukly ösüş we hukuk meseleleri EH-niň Şertnamasyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň arasynda. Bu duşuşykda  Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmeginiň Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlar bilen sazlaşdyrylmagy boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi.