TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Özara hereketleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň milli bölegini durmuşa geçirmek arkaly, MHG-niň dürli ugurlardaky sebitleýin taslamalaryna işjeň gatnaşýar.
Taraplar şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Hökümeti bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine we bilelikde maliýeleşdirilmeginiň Baş ylalaşygyna degişli meselelere hem seredip geçdiler, bu türkmen tarapy üçin MHG bilen özara hereketlerinde täze tejribe bolup durýandyr.
«Türkmenistanda adam söwdasynyň pidalarynyň degişli ugurlara gönükdirilmeginiň milli guralynyň işe girizilmegi» atly täze milli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere hem jikme-jik garaldy. Türkmenistan tarapyndan adam söwdasyna garşy göreşmek, şol sanda onuň pidalaryna hukuk hem-de durmuş häsiýetli gaýragoýulmasyz kömekleriň berilmegi babatynda milli derejede alnyp barylýan hereketler beýan edildi. Şonuň ýaly-da adam söwdasynyň pidasy bolan adamlar bilen işlemegiň kesgitlenen tertibiniň öwrenilmegi üçin hünärmenleriň okadylmagynyň zerurlygy nygtaldy.