“MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZI: SEBITDE PARAHATÇYLYK WE GÜLLÄP ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA MERKEZI AZIÝA BILEN 10 ÝYL HYZMATDAŞLYK” ATLY HALKARA MASLAHATY

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda  Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, türkmen we ýurtda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we žurnalistler çagyryldy.

Maslahata gatnaşyjylary gutlap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow giriş sözi bilen çykyş etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny” atly kararnamasynyň orny barada aýdylyp, BMG-niň BA-synyň 72-nji sessiýasynyň 55-nji umumy mejlisinde esas goýujy resminama hökmünde biragyzdan kabul edilen bu kararnama Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy, diýip bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy bilen bu Merkeziň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekleri üçin şertleri döretmek barada dünýä bileleşiginiň maksadynyň bitewüdigini ýene bir gezek tassyklady. 

BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German öz çykyşynda Merkezi Aziýa sebiti çaknyşykly ýagdaýlary öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň we gepleşikler prosesiniň serişdeleri bilen çözmekde tejribe toplady, diýip belledi.

 “Gapma-garşylyklary aradan aýyrmak boýunça gepleşikleri alyp barmak: geljege iň gowy tejribeler, sapaklar we garaýyşlar” atly umumy mejlis öz işine BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň alyp barýan işleri hakyndaky wideoýazgy bilen başlady.

Soňra gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna söz berildi. Özbegistanyň Daşary işler ministri A.Kamilow, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaýesku, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.Aşikbaýew, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary D.Kemelowa, Täjigistanyň  Daşary işler ministriniň orunbasary M.Huseinzoda, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Pankin, Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Andişa, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun dagylar çykyş etdiler.

 Gysga wagtlyk arakesmeden soňra, “Öňüni alyş diplomatiýasy hereketde: dünýä tejribesi, BMG-niň sebit guramalarynyň we düzümleriniň bilelikdäki hereketleri” atly ikinji umumy mejlis geçirildi we onuň dowamynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O. Algaýerowa, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça Gullugynyň syýasy meseleler müdirliginiň başlygy Skot Smit, ŞHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary W. Potapenko, GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary S.Iwanow, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy N.Drozd, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn syýasy meseleler boýunça Departamentiniň Baş direktory W. Altaý dagylar çykyş etdiler.

 Maslahatyň dowamynda çykyş edenler häzirki zaman bitaraplyk tejribesinde daşary syýasatyň we halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri boýunça pikirlerini beýan etdiler. Iki möhüm senä - Halkara Bitaraplyk güni we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 10 ýyllygyna aýratyn orun berildi.