BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen foruma ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň—Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. 

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bar. Maslahata BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça Missiýasynyň, beýleki halkara guramalarynyň, şol sanda ŞHG-nyň we GDA-nyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamasyna laýyklykda ilkinji gezek bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasyna gabat gelmeginiň özboluşly manysy bar. Şol resminamada bu senäni esaslandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy anyk beýanyna eýe boldy. 

Ýigrimi iki ýyl mundan öň ýurdumyz hemişelik bitaraplyk derejesine eýe boldy, bu waka halkara diplomatiýasynyň täsin hadysasy boldy hem-de türkmenistanylaryň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Şeýlelikde, türkmen bitaraplygynyň nusgasy dünýä bileleşiginiň işlerinde özboluşly hukuk ulanyş tejribesi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bitarap döwletiň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, öz döredijilik we ylalaşdyryjylyk kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine alama aşyrmaga çalyşýar. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mysalynda “bitaraplyk” we “öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjeleriň özara baglanyşygy aýdyň görünýär, munuň özi anyk işlerde öz beýanyny tapdy. 

Türkmen tarapynyň wekili maslahaty açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bu günki forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, forumyň giiňşleýin düzümi sebitiň döwletleri, şeýle hem tutuş halkara bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine uly gyzyklanma bildirilýändiginiň, onuň ykrar edilýändiginiň, öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça netijeli iş alyp barmagy bilen bu merkeziň uly abraýa eýe bolýandygynyň nobatdaky subunamasydyr. 

Sebitiň işi syýasy meseleler bilen çäklenmän, eýsem ol durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek wezipelerini çözmekden ybaratdyr. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň geriminiň giňeýändigini goldaýar. Ýurdumyz merkeziň alyp barýan işine parahatçylygyň, durnuklylygyň we Merkezi Aziýa howpsuzlygyň berk binýadyny ýola goýmaga möhüm goşandy hökmünde baha berýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana söz berildi. Merkeziň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň adyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol bu gezekki baýramçylygyň dünýä bileleşiginiň 12-nji dekabrda bellejek Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigini nygtady. 

Hanym Natalýa German çykyşynda merkeziň işine yzygiderli goldaw berýändigi, şanly sene mynasybetli guralan çäreler toparynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi şu geçen on ýylyň içinde sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşmak bilen ägirt uly tejribe toplady. Häzirki döwürde möhüm hasaplanýan parahatçylyk söýüjilik işleri öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm gurallaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem merkeziň tagallalary Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ugur edinýän daşary syýasat başlangyçlaryna goldaw berilmegine gönükdirilendir. 

Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçy düzümi bu sebite aýratyn ähmiýet berýär. 2017-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5-sine, şol sanda Türkmenistana sapar bilen geldi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa German şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyzda BMG-niň baştutanynyň ýolbaşçylygynda “BMG bilen Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejedäki gatnaşyklar” duşuşygyna ähmiýet berdi. Bellenilişi ýaly, onuň jemleri boýunça terrorçylyga garşy durmak baradaky Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. 

Öňüni alyş diplomatiýasy—munuň özi esasan ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlykdyr. Bu barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy merkeziň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Rezolýusiýa bilen gutlady we onuň awtordaşy bolup çykyş eden Merkezi Aziýa ýurtlaryna hoşallyk bildirdi. 

Munuň özi tutuş sebit üçin möhümdir. Onda Merkezi Aziýada howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ýola goýulýan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapýar diýip bellemek bilen, hanym Natalýa German Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu ugurda mundan beýläk-de netijeli iş alyp barjakdygyna ynandyrdy. 

Foruma gatnaşyjylara Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işi hakynda ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi. 

Soňra maslahat öz işini “Gapma-garşylyklary aradan aýyrmak boýunça gepleşikleri alyp barmak: geljege iň gowy tejribeler, sapaklar we garaýyşlar” hem-de “Öňüni alyş diplomatiýasy hereketde: dünýä tejribesi, BMG-niň sebit guramalarynyň we düzümleriniň bilelikdäki hereketleri” atly umumy mejlisleriň çäklerinde dowam etdi. 

Çykyşlarde bellenilişi ýaly, geçen ýyllar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ähmiýetini, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklady. 

Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge hil taýdan täze, toplumlaýyn çemeleşmek bilen ýurdumyz ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaý nazaryndan üýtgewsiz çykyş edýär. Munuň özi türkmen paýtagtynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde saýlanyp alynmagyny öňünden kesgitledi, ony sebitiň ähli döwletleri biragyzdan goldadylar. 

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň deňi-taýy bolmadyk düzümi bolan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň dabaraly açylyşyna Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşdy. Bu düzümi döretmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidentine degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu pikiriň amala aşyrylmagy BMG-niň we sebit bileleşiginiň, ozaly bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň şeýle Merkeziň zerurdygyna we maksada laýyk boljakdygyna düşünmegi bilen berkidildi. 

Şeýlelikde, sebitiň taryhynda ilkinji gezek netijeli gepleşikleriň, dawalaryň öňüni almagyň hem-de syýasy-hukuk gurallara hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, onuň syýasy guramaçylyk serişdelerine daýanmak bilen, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagyň ösüşe ýardam ediji guraly bolmaga gönükdirilen, hemişelik hereket edýän işçi edarasy peýda boldy. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň şanyna degişli Kararnamanyň kabul edilmegi merkeziň işiniň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Şol resminamada halkara bileleşiginiň öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwatyna uly gyzyklanma bildirýändigi hem-de Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk tejribesiniň we onuň döredijilikli başlangyçlarynyň zerurlygy öz beýanyny tapdy. Dünýäniň dürli yklymlaryna wekilçilik edýän döwletleriň 57-si bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. 

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyzy sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hem-de giňeldilmegine önjeýli goşant goşýan ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň möhüm düzümleri, şol sanda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýaysynyň sebit merkezi bilen edýän işjeň gatnaşyklary täze özara ylalaşykly we uzak geljegi nazarlaýan, diňe hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagyny hasaba almak bilen, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çemeleşmelerde öz beýanyny tapýar. 

Ýurdumyz energetika we ulag, ekologiýa, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarda giň möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen, döwletiň we tutuş jemgyýetiň durnukly ösüşiniň pugta binýadyny kemala getirmekde nusgalyk orun eýeleýär. 

Şunuň bilen baglylykda on ýyl mundan ozal Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Bitarap Türkmenistanyň öňdengörüjilikli daşary syýasat ugrunyň özboluşly dowamy we onuň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde paýtagtymyz döwrüň has möhüm meseleleri boýunça gepleşikleriň umumy ykrar edilen merkezine öwrüldi. Bu ýerde iri wekilçilikli forumlar, şol sanda BMG-niň howandarlygyndaky maslahatlar yzygiderli geçirilýär. 

Merkeziň beýleki sebitleýin we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy möhüm wezipeleriň çözgüdinde, şol sanda sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň saklanmagynda, ählumumy wehimlere we howplara garşy durmakda, serhetýaka suw-energetika serişdelerini dolandyrmakda, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly esasda kadalaşdyrylmagynda wajyp tagallalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendirýär. Energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag, aragatnaşyk, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagy gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup durýar. 

Özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň öňde durýan wezipeleri çözmekde esasy gural bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. Şunlukda, BMG-niň Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde dürli düzümleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin Türkmenistanda bar bolan düzümleýin mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu ulgamlardaky gatnaşyklar ulgamlaýyn, uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýar we olar anyk netijelere gönükdirilendir. 

Maslahatyň dowamynda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan we ony yzygiderli dowam edýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi BMG-niň şeýle görnüşli wezipe boýunça ýöriteleşdirilen ilkinji düzümidir. Ol dünýäniň beýleki sebitlerinde özara gatnaşyklar üçin nusga bolup hyzmat edip biler. 

Häzirki zaman şertlerinde Öňüni alyş diplomatiýasy has möhüm, käbir pursatlarda bolsa gapma-garşylyklaryň öňüni alýan aýgytly şert, sebitleýin we ählumumy ýagdaýlaryň oňyn kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän düzüm bolup durýar. Şunlukda, on ýylyň dowamynda Merkeziň toplan tejribesiniň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. 

Forumyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bu çäräniň ägirt uly amaly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Maslahat öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary özünde jemleýän janly, döredijilik ýagdaýydygyny bellediler. 

Ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine mundan beýläk-de doly goldaw berjekdigi, şeýle hem onuň ornunyň we abraýynyň berkemegini şertlendirjekdigi bellenildi. Merkeziň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin sebitiň döwletleriniň ýolbaşçy düzümlerine we BMG-niň Baş sekretaryna aýratyn hoşallyk bildirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin, şeýle hem sebitleýin we ählumumy ösüşiň esasy wezipeleriniň çözülmeginiň bähbidine tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny tassyklan maslahatyň netijeli işi ugrunda möhüm şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler. 

***


Şol gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde bu düzümiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan daşary işler ministrleriniň we sebitiň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyk geçirildi. 

Onuň dowamynda sebitde öňüni alyş şertlerinde, şol sanda 2018-2020-nji ýyllarda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde sebitara gatnaşyklar boýunça birnäçe anyk tekliplere garaldy. 

Umuman, sebitde ähli ulgamlarda öňüni alyş diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmek, Merkeziň goldaw bermeginde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleri boýunça utgaşykly tagallalary işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi we onuň artýan mümkinçilikleri bellenildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Geçirilen metbugat maslahatynda duşuşygyň netijeleri aýan edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýygjam gatnaşyklary, umuman, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.