TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA: SEBITLEÝIN ÖZARABAGLANYŞYK. HOWPLAR WE MÜMKINÇILIKLER” ATLY HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy.

Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda döwlet we hökümet baştutanlary, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit guramalaryň, maliýe düzümleriň ýolbaşçylary bar. Maslahaty şöhlelendirmek üçin dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň onlarça žurnalistleri we wekilleri Daşkente bardylar.

Maslahatyň açylyşynda gatnaşyjylar Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekiliniň – Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidentiniň giriş çykyşlaryny diňlediler.

Soňra “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk” atly tema boýunça plenar mejlis başlady. Mejlisiň barşynda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýada sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler, özara hereketleri giňeltmäge çagyrdylar, özarabaglanyşygy ilerletmek ugrundaky infrastruktura taslamalarynyň geljegine baha berdiler.

Plenar mejlisde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow çykyş etmek bilen, ol bu maslahatyň häzirki zamanyň hakykatlaryna we tendesiýalaryna laýyklykdaky ähmiýetini hem-de işjeňligini belledi. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda köpmeýilli syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň möhümligini nygtamak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Raşid Meredow öz çykyşynda sebitleriň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berdi hem-de netijeli ulag we energiýa taslamalary döretmek barada Türkmenistanyň işjeň garaýyşlaryny beýan etdi, bu ugurda sebit hyzmatdaşlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi. Ol şeýle-de bu taslamalara Owganystanyň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanda Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çykarýan Gündogar-Günbatar hem-de Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça ulag-üstaşyr gatnaşyklary işljeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sebitara hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, Merkezi Aziýa - Günorta Aziýa Işewür geňeşini döretmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmasy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ylmy-lukmançylyk diplomatiýa ulgamynda ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky çakylygy tassyklanyldy.

Maslahatyň ahyrynda Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän ýokary derejeli halkara maslahata işjeň gatnaşandyklary üçin ähli gatnaşyjylara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

“Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar jemleýji resminamany kabul etdiler.