TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlandy.

23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähirli salamyny, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli iberen gutlaglaryny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Öz nobatynda, Imperator Naruhito türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysyna ýakymly sözleri üçin minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň Döwlet baştutanyna hem-de ähli halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň ähli ugurlary babatynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler.

Şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň Başlyklary Serdar Berdimuhamedowyň we Hiroýuki Subaýyň hem duşuşygy geçirildi, oňa şeýle-de Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Itochu Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Sojitz Corporation», «Marubeni Corporation», «Komatsu Ltd» we «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýalarynyň wekilleri bardy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň berk syýasy erkiň, ykdysady mümkinçilikleriň we taraplaryň özara düşünişmekleriniň netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar. Energetika, mineral serişdeleriň çykarylmagy, himiýa senagaty, ulag, agrosenagat toplumy we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

Şu nukdaýnazardan, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar, hususan-da, Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň, Gyýanlyda polietilen hem-de polipropilen öndürýän toplumyň, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin (GTG) öndürýän zawodyň gurlup işe girizilmegi mysal getirildi.

Taraplar şonuň ýaly-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekde taraplaryň ikisi tarapyndan hem Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň basseýnleri bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň ulanylyp bilinjek häzirki zaman senagat-tehnologiýa infrastrukturasynyň döredilmeginiň meseleleri bilen bir hatarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň strategiki ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.

Taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Gepleşikleriň jemleri boýunça bank we maliýe, şeýle-de ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen duşuşdy.

Taraplar hususan-da «Infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynda» beýan edilen ylalaşyklara laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň ösüşini seljerdiler. Maliýe aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen ulag ulgamyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň depginine hem seredilip geçildi. Energetika hem-de senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda «ýaşyl energetika» ulgamynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatynda Ýaponiýanyň tejribesini özleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Taraplar özara gyzyklanma bar bolan ulgamlaryň ählisi boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň dowamly alnyp baryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýaponiýanyň resmi wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýapon tarapyny gurluşygy «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasy tarapyndan alnyp barylan Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gurlup ulanmaga beriljek gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şol gün türkmen wekiliýeti XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Tokio-2020 Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň Howandary bolup durýan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Oýunlary açyk diýip yglan etdi. Nobatdaky Oýunlara Türkmenistandan hem türgenler gatnaşýarlar.