BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ PLENAR MEJLISINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN ÖŇE SÜRLEN KARARNAMA BIRAGYZDAN KABUL EDILDI

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama seredilendigi barada hasabat berdi.

48 döwletiň awtordaşlyk etmegindäki kararnama biragyzdan kabul edildi. DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady we döwlet Baştutanynyň öňe süren bu kararnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmeginiň pandemiýany we onuň ykdysady hem-de sosial täsirlerini ýeňip geçmek boýunça halkara we sebit tagallalary bilen utgaşýan durnukly ösüş üçin halkara ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesine aýawly çemeleşmesiniň ýene bir tassyknamasy bolandygyny nygtady.  

Bu kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda özara hereketleri üpjün etmek baradaky kararnamalaryň üstüni ýetirdi. Kararnamada görkezilen ýörelgeleriň 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň netijeleri boýunça başy başlanan ulag gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek prosesi bilen utgaşýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, kararnamada şeýle-de 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň ähmiýeti barada hem bellenilýär.