«BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLYUSIÝASY KABUL EDILDI

2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji Sammitini geçiriler.

Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalary bilen, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary hem-de taslamalary öňe sürýär. Munuň özi bolsa uzak möhletli geljek üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär.