«C5+1» GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYKDA HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda «C5+1» görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşky gurşaw goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzlygyny, energiýa öndürijiligini üpjün etmek üçin suwuň elýeterliligine we biodürlülige ýetirýän ýaramaz täsiri bilen bagly meselelere seredip geçdiler.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa, sosial, ykdysady we demografiýa ýagdaýy gowulandyrmak ýaly maksatlar kesgitlenildi. Şeýle-de betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine bolan durnuklylyk ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alşyldy.
Gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygy kämilleşdirmek ugrunda hem-de ilatyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini ýetýän bölegi üçin sosial özgertmeleri goldamak işinde bilelikdäki hereketiň wajyplygy barada belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu maksatlara ýetmekde sebitleýin hyzmatdaşlygynyň hem-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleriniň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar öz ýurdunyň adyndan «C5+1» sebitleýin diplomatik platformanyň çäklerinde daşky gurşawy goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda milli derejede hereket etmeklige ygrarlydyklaryny tassykladylar.