AŞGABATDA STATISTIKI MÜMKINÇILIKLERI BERKITMEGIŇ WE MILLI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ UGURLARY BOÝUNÇA HASABATLARY HÖDÜRLEMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

17-nji sentýabrda statistiki mümkinçilikleriň berkidilmegi hem-de milli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri, şeýle-de Durmuş-ykdysady meýilnamanyň we Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hasabatlary hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mejlis geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň Gün tertibini amala aşyrmak boýunça bar bolan resminamalary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge gönükdirilen ulgamlaýyn esasdaky bilelikdäki işjeň hereketleriň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Durnukly ösüş maksatnamasynyň Ortamöhletleýin milli synynyň we 2-nji Meýletin milli synynyň başlangyjyna jikme-jik seretdiler. Türkmenistanyň DÖM boýunça Milli maglumatlar binýadyny döretmek babatdaky bilelikdäki işleriň alnyp barlyşy, şeýle-de 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

Şunuň bilen baglylykda, milli statistiki mümkinçiligiň bütindünýä bahalary hem-de BMG-niň ulgamy tarapyndan hödürlenilýän statistiki mümkinçiligi kämilleşdirmegiň meseleleri bilen bagly pikir alşyldy.