TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy.
Energetika pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm düzümi hökmünde bellendi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki hereketler barada pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilim we ylym, lukmançylyk hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, medeni we ynsanperwer ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň öňegidişligini belläp geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy.