RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Few

AŞGABATDA GDA YHDG-NYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) wekilleri − GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDG-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Elwira Dolýa hem-de şol direksiýanyň geňeşçisi Aleksandr Gonçarow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilleri bilen aln...

DOWAMY
pic
4 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hök...

DOWAMY
pic
31 Ýan

TDIM-DE ÝEWROPA BILELELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.  Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda...

DOWAMY
pic
30 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekil...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY GDA-NYŇ BAŞ BINASYNDA SERGI GURNADY

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi. Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine Ýe...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUMYNIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň  Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar. Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň bar...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÄHRAN ŞÄHERINDE TÜRKMEN-EÝRAN SYÝASY GEŇEŞMELERI WE KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.  Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns çekilip bu ugurdaky meseleleriň giň toplumy boýunça...

DOWAMY