SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we özara söwda, maýa goýum işleri, senagat hem-de Hindistan bilen ulag aragatnaşygyny berkitmek ýaly ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatl...
“Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürlik geňeşi geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Hindistan” işewürlik geňeşine gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasynda ulag-logistika aragatnaşygy, sanly ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, şeýle-de bu ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde maýa goýum mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy öz çyky...
Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky konstruktiw syýasy dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejelerdäki sapar...
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji umumy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2026-2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň ykdysady we durmuş işini utgaşdyrmaga jogapkär esasy düzümleriň biri bolup durýar. ECOSOC durnukly ösüşiň üç ölçegini – ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynd...
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministri Mahkamow Ilhom Rustamowiç, Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk ministri Abdul Alim Han, Halkara awtomobil ulaglary bir...
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-gözleg merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdyl...