SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NDA «HALKARA GATNAŞYKLARYNDA BITARAPLYK SYÝASATY WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI WE ONUŇ ÄHMIÝETI» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän dip...
“MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZI: SEBITDE PARAHATÇYLYK WE GÜLLÄP ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA MERKEZI AZIÝA BILEN 10 ÝYL HYZMATDAŞLYK” ATLY HALKARA MASLAHATY
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkre...
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetgärligiň işjeň ösmegine itergi beripdir
Kerwenler Beýik Ýüpek ýolundan näme daşadylarka? Düýelriň üstündäki äpet ganarlarda näme barka? Adam eliniň döreden zatlaryny we ýetişdiren, ýygnan tebigat miwelerini sanasaň sogaby bar. Bu ýoluň adynyň özem olaryň arasynda iň gymmadynyň ýüpek bolandygyny görkezýär. Günbatar ýurtlarynda ägirt uly islegli bolan bu öte gymmat ýeňilden ykjam bu haryt Hytaýdandyr Merkezi Aziýadan alys ýollara äkitmeklige oňaýly bolupdyr. Halkara söwdasynyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiý...
Şäherleriň kemala gelmegi söwdanyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr
Häzirki döwrüň uly ýa kiçi bolsun - tapawudy ýok – islendik şäherinde hökman bazar bardyr. Iň gadymy döwürlerden bäri alyş-çalyş we söwda edilýän ýerleriň töwereginde dünýäde ilkinj şäherler kemala gelipdir. Aziýada-da, Ýewropada-da bazar meýdançalary adamlaryň her gün diňe bir haryt satmak ýa-da almak üçin duşuşýan ýeri bolman, eýsem täzeliklerden habarly bolmaga, pikir alyşmaga, isle tötänleýin, isle-de gurnalýan köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga gelinýän ýerleri bolupdyr. Şa jarjylary bazar m...
Türkmen telekeçileri «Moscow Halal Expo» pudaklaýyn sergä gatnaşdylar
?Moscow Halal Expo» halkara sergisi Russiýanyň paýtagtynda 2010-njy ýyldan bäri geçirilýär we oňa önümleri hem-de hyzmatlary Halal hil ölçeglerine gabat gelýän kompaniýalar gatnaşýarlar. Dünýä ýurtlarynyň 40-syndan hünärmenleriň ýygnanmagy Halal bazarynyň öňdebaryjylaryny birleşdirýän söhbetdeşlik meýdançasy boldy. Serginiň tematiki bölümlerinde azyk önümlerini öndürmek, lukmançylyk we saglygy goraýyş, modalar we gözellik pudagy, lomaý-bölek söwda, maglumatlar tehnologiýalary, maliýe we maýa goý...
Ýurdumyzyň täze raýatlaryna pasportlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň raýatlylygyna kabul edilen adamlar raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülm...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň agza döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-de häzirki wagtda başlyklyk edýän Awstriýanyň Daşary işler ministri S.Kurtsyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Geňeşiniň işine guramanyň 57 agza hem-de 11 hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ÝHHG agza döwletlerindäki...