SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi — Ginnesiň rekordlar kitabynda!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi. Ol nobatdaky gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk top...
ANKARADA ÝURDUMYZYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ GÜNI HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI
?Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2018-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Çärä Ankara şäherinde ýerleşýän diplomatik missiýalarynyň wekilleri, Türkmeni...
PEKINDE “TÜRKMENISTAN WE HYTAÝ – SERHETSIZ DOSTLUK” ATLY MEDENI-BILIM MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda “Türkmenistan we Hytaý – serhetsiz dostluk” atly medeni-bilim maslahaty geçirildi. Bu forum 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Forumy Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Pekiniň Medeni-bilim ýaşlar merkezi tarapyndan guraldy. Çärä 60 hem gowrak adam gatnaşdy, şol sanda Hytaýyň dürli şäherlerinden gelen orta mekdepleriň başlang...
«Söwda we hyzmat — 2018» atly sergi-ýarmarka
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Söwda we hyzmat — 2018” atly sergi-ýarmarka açyldy. Ol ýurdumyzda haryt bolçulygyny yzygiderli artdyrmak we hyzmatlar ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de bu ulgamlaryň geljekki ösüşini görkezmelidir. Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş se...
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-25-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäräni Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi gurnadylar. Çärä HHR-nyň hökümet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, paýtagtyň häkimliginiň, ylmy-barlag institutlaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, Pekinde işleýýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhan...
FILÝANDIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY
2018-nji 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Finlýandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) jenap Niklas Lindkwist bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanda diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, türkmen tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Netijeli döwletara gepleşikleriň ählitaraplaýyn berkidilmegine özleriniň ygr...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...