SOŇKY HABARLAR
2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen atlandyryldy
Türkmen halkynyň her ýyly ýörite şygar bilen atlandyrmagy parasatly däbe öwrüldi. Şu däbiň dowamy hökmünde, şeýle hem raýatlarymyzyň tekliplerini we ýüzlenmelerini göz öňüne tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Permanda geljek 2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen atlandyrmak barada aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara üstünlikli işlemegi arzuw etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda açylýan I Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi. Onda şeýle diýilýär: Hormatly foruma gatnaşyjylar! Gadyrly alymlar! Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynyň işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirm...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...
Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi. Bu neşir ruhy-watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijiligini höweslendirmek maksady bilen neşir edilýär. Olaryň çeperçilik mümkinçilikleri žurnalyň göwnejaý bezelen sahypalarynda beýan edilýär. Žurnalyň täze sany sentýabr aýynda geçirilen “Aşgabat 2017” o...
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi
Şu gün “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetarapla...
Döredijilik ruhy göterilişiniň baýraklary
Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Köp müňýyllyk taryhy, özboluşly medeni mirasy we milli gymmatlyklary bolan türkmen halky tutuş adamzadyň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň köpasyrlyk milli medeniýeti we däp-dessurlary täze man...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
2017-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk ýowaryna badalga berdi. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ýowara gatnaşýanlaryň arasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpsanly ýaşlar bar. Olaryň hemmesi ýörite taýýarlanylan meýdançada bag ekmek işine girişmäge taýýar bolup durlar. Belent ruhda we ýakymly owazlar bilen ýaňlanýan...