SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYNYŇ IŇLIS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ NÝU-DELI ŞÄHERINDE TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň dowamy bolan Türkmenistanyň häzirki zaman ulag-üstaşyr ýollarynyň ornuna bagyşlanan adybir seminar geçirildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna we seminara paýtagtda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň alymlary we mugallymlary, şol sanda «Nusgawy T...
EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37 döwletd...
Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höwesle...
Press-reliz
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişme memorandumyna gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekillik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle hem Aral d...
Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebitleýinguramalarynyň altynjy duşuşygy
Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2013-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermekligind...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň RECCA VII işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hindistanyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar bilen duşuşyk geçirildi. Owganystanda parahat galkynyş prosesine, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek işine işjeň gatnaşylýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, taraplar RECCA VII çäklerindäki işjeň herekete kanagatlan...