SOŇKY HABARLAR
ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Ignasio Ibanýes bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky ynamly gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti barada aýtdylar. Olary geljekde işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki işe taýynlyg...
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen bedewlerimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda şowhunly çäreleriň biri bolan at çapyşyklary geçirildi. Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, daşary döwletl...
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen bu ýere şäher ilatynyň müňlerçesi we köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Güýz şemalyna pasyrdaşýan ý...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Säher bilen ýurdumyzyň baş meýdançasyna müňlerçe aşgabatlylar, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen ýüzlerçe myhmanlar ýygnandylar. Merkezi münberde ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, türkmenistanlylar bilen baş baýramyň şatlygyny paýlaşmaga gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar. Şeýle hem ýüzlerçe tomaşaçylaryň...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝALAR
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
BUHARESTDA TÜRKMEN-RUMYN IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 16-18-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara guramalar departamentiniň we Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygyndan düzülen wekiliýet Buharestde saparda boldy. Saparyň çäklerinde, 16-njy oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça nobatdaky türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi, 17-nji oktýabrda bolsa degişli bölümleriň başlyklarynyň derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýu...
Bereket menzilindе täze lokomotiw deposy işe girizildi
Bereket demir ýol menzilinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň toplumynyň çäklerinde gurlan täze lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, demir ýol pudagynyň, zähmet toparlarynyň, jemgyýeçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň möhüm menzilleriniň birinde lokomotiw deposynyň döredilmegi teplowozlara tehni...