SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaş...
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhma...
2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen atlandyryldy
Türkmen halkynyň her ýyly ýörite şygar bilen atlandyrmagy parasatly däbe öwrüldi. Şu däbiň dowamy hökmünde, şeýle hem raýatlarymyzyň tekliplerini we ýüzlenmelerini göz öňüne tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Permanda geljek 2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen atlandyrmak barada aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara üstünlikli işlemegi arzuw etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda açylýan I Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi. Onda şeýle diýilýär: Hormatly foruma gatnaşyjylar! Gadyrly alymlar! Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynyň işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirm...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...
Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi. Bu neşir ruhy-watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijiligini höweslendirmek maksady bilen neşir edilýär. Olaryň çeperçilik mümkinçilikleri žurnalyň göwnejaý bezelen sahypalarynda beýan edilýär. Žurnalyň täze sany sentýabr aýynda geçirilen “Aşgabat 2017” o...