SOŇKY HABARLAR
HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Ozal ýurdumyzda kabul edilen Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin we Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibininiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti olary durmuşa geçirmek boýunça, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde degişli resminamalary we rezolýusiýalary kabul etmek babatdaky işjeň hereketleri dowam edýär. Ynsanp...
2-nji oktýabdra Aşgabada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen gelýär
2-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelýän Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, netijelilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbangul...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI W.W.PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELÝÄR
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň global gün tertibiniň esasy meseleleri bolan bütindünýä parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyň wehimlerine we ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Ýurtlaryň ikisi...
Aşgabat 2017-niň iň gowy pursatlary: surat galereýasy
12 gün dowam eden görlüp-eşdilmedik ýaryşdan, ýetilen üstünlikli başarnyklardan we sport ussatlygyndan soň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 27-nji sentýabr çarşenbe güni tamamlandy. Bu ýerde Oýunlara degişli iň gowy pursatlaryň suratlar ýygyndysyny görüp bilersiňiz.
Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Şeýle derejedäki we örän giň möçberli çäreleri geçirmek — munuň özi örän uly jogapkärçilik bolup durýar. Aşgabat bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirdi. Tutuş ýurdumyz täze taryhynyň şanly wak...
Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlarynyň jemleýji ýaryşlary geçirildi
Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medal...