RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Sen

В ИМО МИД Туркменистана состоялась презентация сборника стихов Махтумкули Фраги на грузинском языке

30 сентября 2024 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась церемония презентации сборника стихов Махтумкули Фраги на грузинском языке. В мероприятии приняли участие представители МИД Туркменистана, дипломатического корпуса и международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, литературоведы, ученые, журналисты, профессорско-преподавательский состав и студенты института, а также представители СМИ. Выступившие на презентации оратор...

DOWAMY
25 Sen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edara...

DOWAMY
18 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň...

DOWAMY
9 Sen

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasy kabul edildi

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy bilen gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we olimpiýa asylly ýörelgeleri arkaly parahatçylygy berkitmek we has bagtyýar durmuşy gurmak» atly 11-nji bendiniň esasynda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasyna seredildi we kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik w...

DOWAMY
5 Sen

Arkadag akylly şäheriniň özboluşlylygy Koreýa Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sergisinde sylaglar bilen bellenildi

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sylag bilen sylaglandy. Sergide dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe boldular. Arkadag akylly şäheriniň çärede ilkinji sylaglanan gatnaşyjy bolandygy bellärliklidir. Türkmen tarapyna aşakdaky sylaglar – Diňe Arkadag şäherine gowşurylan «akylly şäher» ulgamyndaky bel...

DOWAMY
23 Awg

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köp taraplylygy TÜRKSOÝ-yň neşirleriniň sahypalarynda

2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça çäreler toplumynda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan neşir işlerine – goşgular ýygyndylarynyň, ylmy-barlag işleriniň, ylmy makalalaryň, monografiýalaryň, ýörite neşirleriň, gazet-žurnallaryň çap edilmegine möhüm orun degişlidir. Şunlukda, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)...

DOWAMY
17 Awg

Üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammiti geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy. Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derw...

DOWAMY