SOŇKY HABARLAR
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köp taraplylygy TÜRKSOÝ-yň neşirleriniň sahypalarynda
2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça çäreler toplumynda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan neşir işlerine – goşgular ýygyndylarynyň, ylmy-barlag işleriniň, ylmy makalalaryň, monografiýalaryň, ýörite neşirleriň, gazet-žurnallaryň çap edilmegine möhüm orun degişlidir. Şunlukda, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)...
Üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammiti geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy. Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derw...
Türkmenistan – BMG: parahatçylygyň we döredijiligiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam edýär. Parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişliginde hemişe konstruktiw hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasyny...
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
Şu gün Astana iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Mer...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, mejl...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 62-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren «Hazar ekologik başlan...
Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine garamak, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýa...